Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen The Brussels Times media hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow The Brussels Times neşiriniň wekili Ilham Rzaýew bilen geçiren duşuşygynda metbugat ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini we bilelikdäki maglumat taslamalaryny durmuşa geçirmekligi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.

Duşuşykda Sapar Palwanow diplomatiki wekiliýetiň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, daşary syýasy ileri tutulýan ugurlaryň wagyz edilmeginde jemgyýetçilik diplomatiýasynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Şeýle hem ilçihananyň metbugat wekilleri we hünärmenleri bilen yzygiderli brifingleri hem-de duşuşyklary geçirip, ýurtda alnyp barylýan oňyn içerki we daşary syýasatlar barada maglumatlary berýändigini aýtdy.

Taraplar Türkmenistanyň medeni mirasyna, parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryna, özboluşly taryhyna we häzirki zaman gazanan üstünliklerine bagyşlanan neşirleriň taýýarlanylmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlylygy, şol sanda BMG-niň meýdançasyndaky başlangyçlary aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirip, halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işjeň gatnaşyk gurmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

1965-nji ýylda döredilen The Brussels Times neşiri Belgiýanyň iň gadymy iňlis dilli gazetidir. Häzirki wagtda ol Belgiýa we Ýewropa Bileleşigindäki wakalar barada halkara okajylara, şol sanda diplomatlara, Ýewropa institutlarynyň wekillerine we işewür toparlaryna niýetlenen ygtybarly çeşme hökmünde çykyş edýär.

Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýu...
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler min...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Ko...
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Komissiýa döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýy...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabin...
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi...
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar