Habarlar / Habarlar
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi

2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 31-nji gezek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän halkara maslahatyň we serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler.Hemmeler Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.Soňra foruma gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi diwarlyklary bilen tanyşdylar.Sergi meýdançasynda dünýäniň ýangyç-energetika bazarynyň esasy gatnaşyjylary bolan iri kompaniýalaryň 130-dan gowragy diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy.Günüň ikinji ýarymynda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatda energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlara we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde buraw işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy.Plenar mejlisleriň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmegiň strategik ugurlaryny, sebitleýin energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda onuň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Tebigy gazy eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, turba geçirijiler infrastrukturasyny ösdürmäge, şol sanda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisi ýaly iri halkara taslamalary durmuşa geçirmäge, şeýle hem «Galkynyş» gaz känini özleşdirmäge aýratyn üns berildi.Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy we ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary ornaşdyrmak, uglewodorod çig malyny çuňňur gaýtadan işleýän önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmek hem-de goşmaça gymmaty ýokary bolan önümleri öndürmek boýunça yzygiderli alyp barýan işleri bellenildi.Ýurdumyzda bitaraplyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk we durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanýan energetika strategiýasynyň energiýa serişdeleriniň halkara üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny pugtalandyrmaga hem-de Türkmenistanyň sebitde esasy energetika merkezleriniň biri hökmünde ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigi nygtaldy.Soňra halkara forum panel ara alyp maslahatlaşmalary görnüşinde dowam etdi.Maslahatyň işi tematik bölümleriň mejlislerinde dowam etdiriler.

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýu...
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler min...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Ko...
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Komissiýa döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýy...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabin...
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi...
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar
Türkmenistan we Azerbaýjan migrasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy
Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirilýär...
Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirilýär