Habarlar / Habarlar
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy. "Smart Ports, Sustainable Future: How Digitalization Is Driving the Green Transformation of Ports" (Akylly portlar, durnukly geljek: Sanly çözgütler portlaryň ýaşyl öwrülişigini nähili herekete getirýär) diýen mowzukda geçirilen bu halkara okuw sapagyna Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de Halkara Türkmenbaşy deňiz portunyň degişli wekilleri gatnaşdylar.

Bu çäräniň dowamynda "HPC Hamburg Port Consulting" kompaniýasynyň halkara bilermenleri tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine esaslanýan giňişleýin tanyşdyryş boldy. Okuw sapagynda sanly çözgütleriň port dolandyryşynda howanyň üýtgemegine garşy täsirleri azaltmak hem-de oňa uýgunlaşmak ýaly iki sany biri birini tamamlaýyjy çemeleşme arkaly ekologiki bähbitleri nähili üpjün edýändigi düşündirildi. Şunda gämileriň portda garaşma wagtyny optimallaşdyrmak, artykmaç ýangyç sarp edilmeginiň öňüni almak hem-de energiýany tygşytly dolandyrmak arkaly zyýanly galyndylary minimuma düşürmegiň möhüm tärleri görkezildi.

Munuň bilen birbirlikde, hünärmenler üýtgeýän suw derejelerini, ýeli we temperaturany takyk yzarlamaga ukyply döwrebap ulgamlaryny hem-de adatdan daşary howa şertlerini simulýasiýa edýän innowasion tehnologiýalary öwrendiler. Okuw sapagynyň ahyrynda taraplar ýokary derejede baglanyşykly "Akylly port ekoulgamyny" (Hyperconnected Smart Port Ecosystem) Hazar sebitiniň şertlerinde amaly taýdan netijeli ornaşdyrmagyň we gümrük-söwda amallaryny çaltlandyrmagyň anyk ugurlary boýunça döwrebap sanly çözgütleri özara gyzyklanma bildirilýän sorag-jogap alyşmalarynyň çäklerinde ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler min...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Ko...
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Komissiýa döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýy...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabin...
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi...
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar
Türkmenistan we Azerbaýjan migrasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy
Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirilýär...
Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirilýär