Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Batumi şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Maka Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýul aýynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini nygtadylar.Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-logistika we ynsanperwer ulgamlarda ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.Şunuň bilen baglylykda, hereket edýän ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň we üstaşyr ulag mümkinçiliklerini giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi.Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýu...
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler min...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Ko...
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Komissiýa döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýy...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabin...
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi...
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar
Türkmenistan we Azerbaýjan migrasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy
Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirilýär...
Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirilýär