Habarlar / Habarlar
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Hazar deňzi institutynda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Mejlisde Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasynda Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak esasy mesele bolup durýar.

Bu resminama Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktau şäherinde geçirilen V Hazar sammitinde öňe süren başlangyjyna laýyklykda taýýarlanylýar. Şol sammitde türkmen halkynyň Milli Lideri Hazar deňzinde bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek üçin ulgamlaýyn esas döretjek aýratyn bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Bu taslama boýunça gepleşikleriň öňki tapgyrlary kenarýaka döwletleriniň ählisiniň umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Garaşylmagyna görä, häzirki mejlis taslamanyň galan düzgünlerini ylalaşmakda öňegidişlik gazanmaga mümkinçilik berer.

Ygtyýarly wekilleriň işi 2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda tamamlanar.

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýu...
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler min...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Ko...
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Komissiýa döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýy...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabin...
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi...
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar
Türkmenistan we Azerbaýjan migrasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy