Myhmanhanamyz

Otagy aýyryp goý!

Habarlaşmak

  • +993 243 5 09 74
  • charlakotel@sanly.tm

Biz barada

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Çarlak” myhmanhanasy

Myhmanhanada müşderiler üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan.

Myhmanhana 12 (on iki) gatdan, jemi 80 (segsen) otagdan ybarat bolup, 140 (bir ýüz kyrk) adam üçin niýetlenendir. Olardan 20 sany 1 adamlyk otaglar, 40 sany 2 adamlyk otaglar, 20 sany hem lýuks otaglardan ybaratdyr.

Kurort, dynç alyş durmuşyna zerur bolan mebeller, tehnikalar, durmuş enjamlary we ýylyň ähli möwsüminde salkyn we gyzgyn şertlerde sowadyjylar (kondisionerler) bilen üpjün edilen. Hemra telewideniýesi arkaly dünýädäki täzelikler bilen hemişe habarly bolmaklyga mümkinçilik döredilen.

Myhmanhananyň uly penjirelerinden deňziň we kenarýaka daglarynyň ajaýyp gözelligine syn etmek mümkindir.

Şeýle-de myhmanhanada birnäçe hyzmatlar amala aşyrylýar: toý-dabaralaryny, medeni çärelerini geçirmek üçin niýetlenen 350 orunlyk dabaralar zaly, 90 adamlyk konferensiýa zaly, dürli tagamlary taýýarlaýan aşhanasy, owkalaýyş otagy, egin-eşikleri arassalap ütük çekmek hyzmaty, internet ulgamynyň hyzmaty, çagalaryň oýnamaklary üçin niýetlenen ýörite meýdança, awtoulaglary goýmak üçin üsti ýapyk ýörite duralga, şeýle-de, bedeniňi arassa-sagdyn saklamak üçin sagaldyş bedenterbiýe merkezinden peýdalanmak, ýagny türgenleşik zaly, içki basseýn, futbol meýdançasy, şeýle-de, myhmanhananyň 1-nji gatynda Bar ýerleşip, barda dürli görnüşli spirtli we spirtsiz içgileriň söwdasy myhmanlaryň hyzmatyna ýetirilýär.

Myhmanhanada:

1 adamlyk otaglaryň bahasy türkmen raýatlary üçin 170 manat, daşary ýurt raýatlary üçin 62 amerikan dollary (USD);

2 adamlyk otaglaryň bahasy türkmen raýatlary üçin 250 manat, daşary ýurt raýatlary üçin 90 amerikan dollary (USD);

Lýuks otaglaryň bahasy türkmen raýatlary üçin 350 manat, daşary ýurt raýatlary üçin 114 amerikan dollary (USD);

Habarlaşmak üçin telefon belgi: 8-00243-5-09-74, faks: 8-00243-6-06-05;

Hyzmatlar

Amatly hyzmatlar:

  • Restoran
  • Lobby bar
  • Ýapyk howuz
  • Türgenleşik (trenažor) zaly
  • Owkalaýjy otagy
  • Sauna
  • Lukman otagy
  • Şweýsar hyzmaty
  • Kir ýuwujy hyzmaty
  • Seýf
  • Gije-gündiz gorag gullugy
  • Gije-gündiz myhmanlary ýerleşdirmek hyzmaty
  • Gije-gündiz bellige alyş hyzmaty

Ähli otaglarymyzda:

  • Gyşky-tomusky howa arassalaýjy, howa sazlaýjy
  • Kabel kanallary
  • Holodilnik
  • Telefon
  • Tüsse goraýjy datçikleri
  • Internet hyzmatlary, Wi-fi
  • Hajathana esbaplary
  • Duş-wanna
  • Saç guradyjy enjam

Internet hyzmatlary:

  • Wi-Fi otelimiziň çäginde
  • Wi-Fi oteliň otaglarynda

Otaglar

Biziň otaglarymyz

Images

Bir adamlyk otag

  • TMT: 170
  • USD: 62.00
  • Gije-gündiz
Images

Iki adamlyk otag

  • TMT: 250
  • USD: 90.00
  • Gije-gündiz
Images

Lyuks otag

  • TMT: 350
  • USD: 114.00
  • Gije-gündiz

Myhmanhanada ýaşaýyş tertibi

Çagalar üçin we goşmaça ýataklar

Goşmaça ýataklary goşmak mümkinçiligi Siziň saýlan otagyňyza bagly bolup durýar. Goşmaça maglumat üçin degişli otagyň sygymy baradaky maglumatlara serediň.