Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 17–18-nji oktýabrynda Yrak Respublikasynyň Bagdat şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.Mejlisiň dowamynda halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem Gurama agza döwletleriň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Mejlisiň möhüm netijeleriniň biri Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliginde we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi boldy.Agzalan Kararnama Guramanyň agza döwletleri tarapyndan ýene-de goldanyldy. Bu bolsa bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde ähmiýetiniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini tassyklaýar.Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti çykyş edip, ýurdumyzyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Çykyşda Türkmenistanyň halkara ynanyşmagy pugtalandyrmaga, dialogy we öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, şeýle hem halkara hukugynyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň ähmiýeti bellenildi. Bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanyldy.Bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine hem aýratyn orun berildi. Hususan-da, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda (ICESCO) synçy derejesine eýe bolandygy bellenildi. Bu bolsa agzalan ugurlarda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.Türkmen tarapy Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdi.Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşmagy we türkmen tarapynyň başlangyjy bilen teklip edilen Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylygy, ynanyşmagy we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasy ugrunyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýu...
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Ko...
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Komissiýa döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýy...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabin...
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi...
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar
Türkmenistan we Azerbaýjan migrasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy
Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirilýär...
Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirilýär