Habarlar / Habarlar
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň meýdançasynda   Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary Batyr Annaýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadyk bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki goňşy döwletiň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda esasy üns ulag-logistika pudagynda strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, sebitara we halkara ähmiýetli ulag geçelgeleriniň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge gönükdirildi. Iki ýurduň döwrebap ulag infrastrukturalaryndan has netijeli peýdalanmagyň hem-de ýük dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmagyň sebitdäki ykdysady integrasiýa goşýan goşandy aýratyn bellenildi.

Şeýle-de, duşuşykda halkara ulag we tranzit başlangyçlarynyň çäklerinde özara bähbitli gatnaşyklary dowam etdirmek boýunça pikir alyşyldy. Taraplar multimodal daşamalary we serhet-gümrük geçiş amallaryny kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli we hormat goýmaga esaslanýan, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny täze belentliklere götermek baradaky meýillerini tassykladylar.

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýu...
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler min...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Ko...
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Komissiýa döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýy...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi...
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar
Türkmenistan we Azerbaýjan migrasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy
Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirilýär...
Aşgabatda biodürlüligi gorap saklamak boýunça milli seminar geçirilýär