Habarlar / Habarlar
Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini resmi sapar bilen Tbilisi şäherine çagyrdy

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň (LLDC3) çäklerinde duşuşyk geçirdiler. Bu barada Gruziýanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Hususan-da, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn depginde ösýändigi we türkmen tebigy gazyny Ýewropa ýurtlaryna ibermekde "Günorta gaz geçirijisiniň" mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berdiler. Sebitde howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda tagallalary birleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen hem duşuşyk geçirdi.

"Awazada" geçirilýän halkara forumda dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň döwlet we hökümet ýolbaşçylary, 50-ä golaý halkara guramanyň wekilleri, şeýle hem 20-den gowrak öňdebaryjy kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Bu möhüm çäräniň giňden beýan edilmegini üpjün etmek maksady bilen, dünýäniň 40-a golaý döwletinden 160-dan gowrak metbugat wekili ýygnandy.

Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýu...
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler min...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Ko...
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Komissiýa döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýy...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabin...
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi...
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar