Habarlar / Habarlar
Guterriş: "Hususy pudak — LLDC ýurtlarynyň ösüşiniň esasy hereketlendirijisi"

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň (LLDC) durnukly ykdysady ösüşe ýetmek ugrundaky tagallalarynda hususy pudak möhüm hyzmatdaş hem-de ösüşiň esasy hereketlendirijisi bolup durýar. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Awazada LLDC3 maslahatynyň çäginde geçirilen Hususy pudak forumynda eden çykyşynda belläp geçdi. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň habarçysy habar berýär.

BMG-niň Baş sekretarynyň bellemegine görä, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar ýokary ulag çykdajylaryna duçar bolýarlar, bazarlara elýeterlilikde çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýar, daşary ýurt infrastrukturasyndan garaşlydyrlar hem-de howa şertleriniň üýtgemegine has duýgur bolup durýarlar. Şol bir wagtyň özünde, bu döwletler syýahatçylyk, oba hojalygy, täzelenýän energetika, sanly tehnologiýalar we strategik serişdeleriň çykarylyşy ýaly ugurlarda ulanylman galýan ykdysady mümkinçiliklere eýedirler.

Antoniu Guterriş bu mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi üçin döwlet bilen hususy pudagyň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny aýtdy. Infrastruktura, logistika, sanly aragatnaşyk we arassa energetika ugurlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. “ «Awaza» hereketler maksatnamasy LLDC ýurtlarynyň dünýä ykdysadyýetine goşulmagynyň anyk ýol kartasyny hödürleýär” diýip, ol belledi.

BMG-niň Baş sekretary sebitara infrastruktura maýa goýumlaryny, gümrük amallarynyň kämilleşdirilmegini, garyşyk maliýeleşdiriş mümkinçilikleriniň giňeldilmegini, ekologiýa taýdan durnuklylygyň üpjün edilmegini hem-de adam mümkinçiliginiň ösdürilmegini esasy wezipeler hökmünde görkezdi. Şeýle hem, zenanlary we ýaşlary goldamak, telekeçiligi ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

Antoniu Guterriş halkara maliýe düzümleriniň kämilleşdirilmegini, ösüp barýan ýurtlaryň has giň wekilçilik gazanmagyny hem-de maliýe çeşmelerine elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagyny nygtap, bu ugurda halkara ösüş banklarynyň öz mümkinçiliklerini giňeltmelidigini aýtdy. Şeýle banklaryň hususy sektory goldamakda we maýa serişdelerini doly ulanmakda işjeň rol oýnamagynyň zerurdygy bellenildi.

“Bu maksatlar diňe sanlylar däl — olaryň aňyrsynda telekeçiler, daýhanlar, ýaş innowatorlar dur” diýip, BMG-niň Baş sekretary belledi, hem-de hususy sektory LLDC ýurtlaryna goýulýan maýa goýumlary arkaly global bazarlary giňeltmäge we BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge çagyrdy.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty ähli agza döwletler, şol sanda LLDC ýurtlary, goňşulary bolan geçelge döwletleri, ösüş boýunça hyzmatdaş ýurtlar we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar üçin halkara hyzmatdaşlyk meýdançasydyr.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy