Habarlar / Habarlar
Hazar deňzinden konteýner daşamalarynyň bahalary üçünji aý yzygiderli peselýär

Transhazar halkara ulag geçelgesi boýunça konteýner daşamalarynyň bahalary aprel aýy bilen deňeşdirilende maý aýynda ýene-de peseldi. Daşlaýjylaryň bahalandyrmagyna görä, iýun aýynda-da bu ugur boýunça bahalaryň ortaça 6 göterim çemesi goşmaça arzanlamagyna garaşylýar. Bu barada “Argus” baha beriş agentligi penşenbe güni habar berdi.

Bahalaryň arzanlamagy yzly-yzyna üçünji aý dowam edýär. Bu ýagdaý Hytaýdan Ýewropa alternatiw ugur bolan Gyzyl deňiz arkaly durnukly ibermeleriň dikeldilmegi bilen baglanyşyklydyr. Netijede, ugurlar arasynda bäsdeşlik güýçlendi we bu bahalara täsirini ýetirdi.

“Artýan bäsdeşlik şertlerinde daşaýjylar Hytaýdan Ýewropa Hazar deňzinden geçýän birleşdirilen ugur boýunça konteýner daşamalary üçin has arzan bahalary hödürlemäge mejbur bolýarlar” diýip, logistika kompaniýalarynyň wekilleri ýagdaýy düşündirýärler.

Bu ugur boýunça konteýner daşamalarynyň intensiwliginiň peselmegi, demir ýol gatnawlarynyň tizligine oňyn täsir edýär diýip, pudakdaky çeşmeler habar berýär.

Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýu...
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler min...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Ko...
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Komissiýa döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýy...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabin...
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi...
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar