Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň wise-premýeri Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow penşenbe güni Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Tatarystanyň Baştutanynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Minnihanow rus-türkmen gatnaşyklarynyň çäklerinde sebitara hyzmatdaşlyga yzygiderli goldaw berilýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi.

Tatarystanyň Baştutanynyň bellemegine görä, iki döwletiň arasynda gadymy taryhy we medeni gatnaşyklardan başga-da, durnukly söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bar. Türkmenistanyň bazarynda “KAMAZ”, Kazan dikuçary zawody, Maksim Gorkiý adyndaky Zeleinodolsk gämigurluşyk zawody, KER-Holding we “Eýdos” ýaly öňdebaryjy tatar kärhanalary üstünlikli işleýär.

Rustam Minnihanow  2024-nji ýylyň jemlerine görä, Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 39 million ABŞ dollaryndan geçendigini aýtdy.

“Ykdysady hyzmatdaşlygymyza has-da ýokary depgin bermeli. Nebit gözleg, gaz transporty, awtoulag, awiasiýa, gämigurluşyk we himiýa önümleriniň iberilişi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürmek üçin uly mümkinçilik bar” diýip, Rustam Minnihanow nygtady.

Taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Tatarystanyň Baştutany ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygyň ösüşi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

XXVIII Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumy 2025-nji ýylyň 18–21-nji iýuny aralygynda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýär.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi