Habarlar / Habarlar
Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda $40 milliarda golaýlady

Şu ýylyň ilkinji bäş aýynda Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10,4 göterim artyp, 286,42 milliard ýuana (39,91 milliard dollar) ýetdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Hytaýdan Merkezi Aziýa ýurtlaryna eksport 5,6 göterim artyp, 188,18 milliard ýuana ýetdi. Hytaýyň Merkezi Aziýadan importy 21 göterim ýokarlanyp, 98,24 milliard ýuana deň boldy.

Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan oba hojalyk önümleriniň importy ep-esli artyp, onuň umumy bahasy 4,36 milliard ýuana ýetdi. Bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 26,9 göterim köpdir.

Ýol ulaglary bilen amala aşyrylýan söwdanyň mukdary hem artyp, 43,65 milliard ýuana barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10,9 göterim ýokarlandy.

Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary