Habarlar / Habarlar
Prezident Serdar Berdimuhamedow ikinji “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde ýerleşýän “Garaşsyzlyk” köşgünde sişenbe güni öz işine başlan “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky ikinji sammite gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Şeýle hem sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen birlikde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Astanada geçirilýän ikinji sammitiň gün tertibi hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Syýasy dialogy giňeltmek; söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak; üstaşyr ulag baglanyşygyny ösdürmek; energetika we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmek şolaryň hataryndadyr. Şunda sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek meselesine aýratyn ähmiýet berler.

“Merkezi Aziýa — Hytaý” formaty 2020-nji ýylda döredilen ýaş hyzmatdaşlyk meýdançasy hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, şu geçen döwrüň dowamynda Alty ýurduň Liderleri 2022-nji ýylyň ýanwarynda onlaýn tertipde, 2023-nji ýylyň maýynda bolsa Sian şäherinde ýüzbe-ýüz görnüşde ýokary derejeli duşuşyklary geçirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagty Astana şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi.

Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýu...
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler min...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Ko...
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Komissiýa döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýy...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabin...
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi...
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar