Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Türkiýede Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, sergide ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlar bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň täze maksatnamalaýyn ugurlary, maýa goýum taslamalary tanyşdyrylar.
Nökerguly Atagulyýew hasabatyna görä, sergä Türkmenistanyň eksport, maýa goýum ugurly pudaklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, döwlet tarapyndan daşary ýurtlarda guralýan iri möçberli halkara çäreleriň netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de wise-premýere Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.