Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda dokma senagaty üçin plastmassa galyndylaryndan sintepon taýýarlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary ulanylan plastmassa gaplaryndan, şeýle hem plastmassa galyndylaryndan ýylylyk saklaýan sintepon taýýarlamagyň täze tehnologiýasyny hödürlediler. Bu innowasion çözgüt dokma önümleriniň ekologiýa taýdan arassa öndürilişine we galyndylaryň gaýtadan işlenmegine giň mümkinçilikleri açýar. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni çap edilen sanynda habar berildi.

Täze taýýarlanan önüm ýurduň dokma pudagynyň ösüşine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatyň dowamynda görkezildi. Bu maslahatda himiýa ylmynyň we dokma senagatynyň özara gatnaşyklary bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata Himiýa institutynyň alymlary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyň mugallymlary gatnaşdylar.

Mundan başga-da, hünärmenler ýurdumyzyň himiýa senagatyna degişli ýüzden gowrak önümiň nusgalaryny – dökünleri, ereýjileri, lukmançylyk parafini we ýyladyşhana hojalyklary üçin çig mallary görkezdiler. Şeýle-de, maslahatda litýi we bor ýaly strategik elementlere baý bolan Garabogaz aýlagynyň mineral serişdelerini özleşdirmek bilen baglanyşykly işlere möhüm ähmiýet berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ylmy barlaglar bilen önümçiligiň utgaşdyrylmagy Türkmenistanyň dokma senagatynyň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýu...
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler min...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Ko...
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Komissiýa döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýy...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabin...
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi...
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar