Habarlar / Habarlar
Aşgabatda “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarka açyldy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde çarşenbe güni “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda ilkinji gezek geçirilýän “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

“Sergi-ýarmarkanyň ekspozisiýalarynda diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem, eksporta niýetlenen ýüpek matalaryň, lybaslaryň we beýleki dokma önümleriniň hem bolmagy bu giň möçberli çärä gatnaşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni özüne çeker hem-de bu ugurda Türkmenistanyň daşary ýurt maýa goýumlaryna açykdygyny aýdyň görkezer” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.

Sergide dokma senagatynyň giň ugurlary – tebigy süýümleri gaýtadan işlemek, egin-eşik we aýakgap önümçiligi, öý dokma önümleri, ätiýaçlyk şaýlary, himiki serişdeler we boýaglar, bezeg önümleri ýaly dürli ugurlar görkezilýär. Şeýle hem sergä gatnaşýan kompaniýalar tarapyndan iň täze innowasion tehnologiýalar hödürlenýär

“Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarka 13-nji iýuna çenli dowam eder.

 

Suratlar: THP

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi