Habarlar / Habarlar
Türkmenistan “EKSPO-2025” sergisinde ekologiýa abadançylygy boýunça maslahat geçirdi

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Osaka şäherinde “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli pawilýonynda “Ekologiýa abadançylygy-ösüşiň möhüm şerti” atly maslahaty geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, şeýle hem “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň wekilleri we sergini görmäge gelýän adamlar gatnaşdylar.

“EKSPO-2025” Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli pawilýonynda gurnalan “Ekologiýa abadançylygy-ösüşiň möhüm şerti” atly maslahat, 2025-nji ýylyň 5-nji iýuny, Osaka, Ýaponiýa (Surat: Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy)

 

Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny doly goldaýandygyny we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek baradaky meseleleriniň Türkmenistanyň hökümetiniň gün tertibinde esasy orun eýeleýändigini bellediler.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji konferensiýasynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Türkmenistanda pes uglerodly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny höweslendirmek boýunça zerur bolan hukuk binýadyny ösdürmek işleri dowam etdirilýär.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi