Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy.

Mongoliýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň giňden ösdürilmegine gönükdirilen döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň döwlet Baştutany bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ulan-Batorda geçirilen hem-de döwletara dialogda täze möhüm tapgyry açan ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalana minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň biziň döwletlerimiziň arasynda, şol sanda kanun çykaryjy edaralaryň çäklerinde özara düşünişmegi ösdürmäge hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany geçen ýyl Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrandygyny belledi. Bu saparyň çäklerinde Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, 2025-2026-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy” işlenip taýýarlanyldy..

Türkmenistanyň döwlet Baştutany parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň iki ýurduň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak hem-de ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň işini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huraly bilen parlamentara dostluk toparynyň döredilendigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagy, olaryň iş saparlaryny guramagy we ýaş parlamentarileriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de parlamentara gatnaşyklarda zenanlaryň ornuny işjeňleşdirmegi esasy ugurlaryň hatarynda görkezdi.

Ugurdaş komitetleriň arasynda kanun çykaryjylyk işi boýunça tejribe alyşmagy, şeýle hem Parlamentara Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy ýaly iri halkara guramalaryň maslahatlarynda Türkmenistanyň we Mongoliýanyň öňe sürýän başlangyçlaryny, döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamagy hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýetirmegi hem parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar hökmünde belledi. Munuň bu ugurdaky gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirildi.

Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna beýan eden möhüm teklipleri üçin hoşallyk bildirip, bu duşuşygyň mongol-türkmen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze gözýetimleri açýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Mongoliýanyň ýokary kanun çykaryjy edarasynyň ýolbaşçysy türkmen we mongol halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýän bu ugurdaky özara hyzmatdaşlygy goldamaga we ösdürmäge iki ýurduň hem taýýardygyny tassykladylar.

Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýu...
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler min...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Ko...
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Komissiýa döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýy...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabin...
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi...
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar