Habarlar / Habarlar
Ankarada Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy welosipedli ýörişi gurnady

2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sport çärelerini geçirdi.

Sport çärelere diplomatik wekilhananyň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, Türkiýe Respublikasynyň habar beriş serişdeleri we talyp ýaşlar gatnaşdy. Çäre Ankaranyň golaýyndaky Eýmir kölüniň kenarynda ýerleşýän ýörite welosiped ýolunda geçirildi.

0.jpg

Welosiped ýörişiniň açylyş dabarasynda Ilçi M.Işangulyýew, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Bütindünýä welosiped gününi bellemek barada Rezolýusiýasynyň kabul etmeginiň dünýä bileleşigi tarapyndan ýurdumyzda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, welosiped sürmegi wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin şertleri döretmek, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berilýändigine şaýatlyk edýändigini nygtap geçdi.

Sport çäresine gatnaşyjylar Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işlere ýokary baha berdiler.

Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy