Habarlar / Habarlar
Ulan-Batorda Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Ulan-Bator şäherinde Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi. Bu çäre Mongoliýanyň Milli Söwda we senagat edarasynda geçirilip, ol iki ýurduň işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Bu barada Mongoliýanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullygy duşenbe güni habar berdi.

Foruma gatnaşyjylar Mongoliýanyň we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýy, işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Azyk senagaty, oba hojalygy, dokma we trikotaž ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Taraplar bu ugurlar boýunça özara söwdany we bilelikdäki hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ýokary mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Türkmen tarapy bu ýerde türkmen halysynyň sergisini, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň görkezilişini gurnady. Mongol kompaniýalary öz gezeginde dokma önümleriniň nusgalaryny görkezdiler hem-de türkmen kärdeşleri bilen tehnologiýa, dizaýn we çig mal saýlamak boýunça tejribe alyşdylar.

Türkmenistanyň milli halylarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, 2025-nji ýylyň 2-nji iýuny, Ulan-Bator, Mongoliýa (Surat: Mongoliýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

 

Forumyň çäklerinde iki ýurduň işewürleriniň arasynda duşuşyklar hem geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hususy pudagyň wekilleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk ädimleri, şol sanda bilelikdäki başlangyçlary we maýa goýum maksatnamalaryny işe girizmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumy guramaçylaryň bellemegine görä, bu çäre işewürleriň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy döretmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde 14 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi.

Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýu...
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler min...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Ko...
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Komissiýa döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýy...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabin...
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi...
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar