Habarlar / Habarlar
Tbiliside Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp futbol ýaryşy geçirildi

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli 2025-nji ýylyň 27-nji maýyndan 2-nji iýuny aralygynda futbol ýaryşyny geçirdi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, futbol ýaryşyna birnäçe futbol toparlary, şeýle hem Gruziýanyň sport uniwersitetiniň “Sportuni” we Wake sport merkeziniň “Kartli” futbol toparlary gatnaşdylar. 1991-nji ýylda esaslandyrylan “Kartli” futbol topary birnäçe meşhur gruzin türgenlerini ösdürip ýetişdirdi.

Ýaryşyň başlamagynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow çäräniň maksadynyň sport arkaly halkara parahatçylygy we dostlugy berkitmekdigini aýtdy. Türkmenistanyň sport diplomatiýasynyň parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirlendigini belledi.

Şeýle hem ilçi 2025-nji ýylyň 7-nji martynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda geçirilen duşuşygyny nygtamak bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Gruziýanyň Sport ministrliginiň arasynda gol çekilen sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany aýratyn belledi. Ilçiniň aýtmagyna görä, Tbiliside geçirilen futbol ýaryşy agzalan Ähtnamanyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Ýedi gün dowam eden ýaryşda ýaş futbolçylar täsirli hem-de bäsdeşli oýny görkezdiler. Ýaryşyň jemleri boýunça oňa gatnaşanlara hormat hatlary gowşuryldy.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi