Habarlar / Habarlar
Almaty Tehnologiýa uniwersitetinde (ATU) Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Almaty Tehnologiýa uniwersitetinde (ATU) Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Ilçihanasynyň gatnaşmagynda çäre guraldy.

Çäräniň dabaraly bölüminde Almaty Tehnologiýa Uniwersitetiniň ýolbaşçylary, hormatly myhmanlar we türkmen talyplary gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

0.jpg

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekili öz çykyşynda 2025-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan köpsanly çäreleriň geçirilýändigini belledi.

Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazananlaryny we ýeten sepgitlerini, şol sanda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny şöhlelendirýän ýörite wideoýazgy görkezildi.

0.jpg

Baýramçylykda türkmen we gazak talyplary folklor sahna çykyşlaryny – “Küşdepdi” milli tansyny we “Bilezik” aýdymyny ýerine ýetirdiler, şeýle hem milli gurallarda halk sazlaryny çaldylar.

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekilleri uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirip, talyplaryň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi