Habarlar / Habarlar
Türkmenistan wodorod energetikasy ulgamynda Italiýa bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Türkmenistan wodorod energetikasy pudagynda Italiýa bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Astanada “Merkezi Aziýa – Italiýa” formatynda geçirilen birinji sammitde aýtdy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň döwlet baştutanynyň belleýşi ýaly, ýakyn onýyllyklarda tebigy gaz wodorod önümçiliginiň esasy çeşmesi bolup galar we uly energiýa ätiýaçlyklaryna eýe bolan Türkmenistan bu ugurda hyzmatdaşlyk taslamalaryny işjeň ösdürmegi maksat edinýär.

Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine ünsi çekdi we şu ýylyň 12-nji dekabrynda ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçiriljekdigini mälim etdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýygnanan ähli döwlet we hökümet baştutanlaryny bu çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika, ulag, senagat, maliýe we hususy pudaklary, şeýle hem sanlaşdyrmak, “ýaşyl” tehnologiýalar we emeli intellekt ýaly täze ugurlary görkezdi.

“Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan halkara bazarlaryna üpjünçilik ugurlaryny diwersifikasiýa etmek syýasatyny durmuşa geçirýär. Bu meselede biz türkmen gazyny Ýewropa eksport etmäge gönükdirilen taslamalara uly ähmiýet berýäris” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy.

Daşky gurşaw we howanyň meselelerinde hyzmatdaşlyga taýýarlyk esasan energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ugurlarynda görkezildi.

Serdar Berdimuhamedow italýan arheologlarynyň Türkmenistanyň çägindäki ylmy barlaglara 30 ýyldan gowrak wagt bäri gatnaşýandygyny belledi hem-de Rimde Margiananyň we Parfiýa Patyşalygynyň bürünç asyrynyň medeni mirasyna bagyşlanan sergini geçirmek meýilnamasy barada mälim etdi.

Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti öz ýurdunyň Italiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi