Habarlar / Habarlar
“Aýdyň Gijeler” Android planşetlerini we emeli aňly robotyny tanyşdyrdy

“Aýdyň Gijeler” türkmen kärhanasy 2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda türkmen paýtagtynda geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergide Androide esaslanýan 10, 12 we 13 dýuýmlyk portatiw planşetlerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Planşetlerde 6 gigabaýtlyk operatiw ýat we 128 gigabaýtlyk içerki maglumat ýat ornaşdyrylyp, çehol görnüşli oňaýly klawiatura bilen üsti ýetirilýär. Enjam işewür saparlarynda we duşuşyklaryň dowamynda ulanmak üçin niýetlenendir. 

Elektron tehnikalary öndürmäge ýöriteleşen “Aýdyň Gijeler” tarapyndan işlenilip taýýarlanylan emeli aňly Aýgül atly robot serginiň esasy gymmatlyklarynyň biri boldy. Zenan sesli robot sergä gelenleriň soraglaryna jogap berdi hem-de interaktiw görnüşde kompaniýanyň önümleri bilen tanyşdyrdy.

“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetiniň diwarlygy “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergide, 2025-nji ýylyň 24-25-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

 

Kärhananyň wekilleriniň bellemegine görä, Aýgül türkmen dilinde gürleşip bilýän emeli aňyň synag nusgasydyr. Robotyň hyzmatlaryny giňeltmek we ony mundan beýläk-de kämilleşdirmek işläp düzüjileriň meýilnamalarynda duran wezipelerdir.

“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetiniň “Ak şäherim Aşgabat” atly sergä gatnaşmagy onuň Türkmenistanyň elektron tehnologiýalar ulgamynda kuwwatlyklarynyň barha artýandygyny we ýurduň gündelik durmuşda öňdebaryjy innowasiýalary ornaşdyrmaga çalyşýandygyny görkezýär. 

Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýu...
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler min...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Ko...
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Komissiýa döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýy...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabin...
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi...
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar