Habarlar / Habarlar
Kiýewdäki Magtymguly adyndaky kitaphanada Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanada Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekilleriniň, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň we bu ýurtda ýaşaýan türkmenleriň gatnaşmagynda medeni çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy habar berýär.

“Kümüş tahýa” ady bilen geçirilen sergi medeni çäräniň maksatnamasynyň esasy bölegini emele getirdi. Onda “Mistestwoznawsi” ýaş suratkeşler birleşmesiniň agzalarynyň işleri görkezildi. Ýaşlar özleriniň surat eserlerinde türkmen halk ertekileriniň gahrymanlaryny, tebigat gözelliklerini we milli äheňleri şöhlelendirdiler.

Diplomatik wekilhananyň işgärleri türkmen halysynyň halkyň medeniýetinde eýeleýän orny, onuň ÝUNESKO-nyň gymmatlygy hökmünde ykrar edilmegi hem-de milli buýsanjyň nyşany hökmünde bu baýramyň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Medeni alyşmalaryň we halklaryň arasyndaky dostlugyň möhüm ähmiýeti barada hem durlup geçildi.

Myhmanlara türkmen halylary baradaky wideoşekiller we ukrain dilindäki “Iki Mergen” atly erteki ýazgysy görkezildi. Şeýle hem amaly-haşam sungatynyň sergisi we Magtymgulynyň muzeý otagy boýunça tanyşdyrylyş gezelenji guraldy.

Çäräniň ahyrynda ýaşlara Türkmenistanyň ilçihanasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýu...
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler min...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Ko...
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Komissiýa döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýy...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabin...
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi...
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar