Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, eziz Diýarymyzda ylmy ösdürmekde we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde alyp barýan işleriňiziň üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen ylmy ösüşiň täze basgançaklaryna çykýar. Ata Watanymyzda ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek ugrunda döwletli işler durmuşa geçirilýär. Siziň başlangyçlaryňyz bilen üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýan ylym özgertmeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösmeginiň, jemgyýetimiziň medeni-ruhy taýdan kämilleşmeginiň esasy şertine öwrülýär. Täzeçil pikirleniş ukyby, giň dünýägaraýşy we hünär taýdan höwesi bolan ýokary hünärli ýaşlary taýýarlamak täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň ylym-bilim jemgyýetçiliginiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň baş maksadydyr.

Siziň kabul eden Kararyňyza laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesiniň berilmegi, Ylymlar güni mynasybetli ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň senagatynyň tehnologik taýdan ösüşine, halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we bilelikdäki taslamalaryň, ylmy barlaglaryň öňe ilerlemegine, ýokary hünärli ýaşlaryň taýýarlanylmagyna ýardam eder.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda hem-de Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda dürli ugurlary ösdürmek boýunça ylmy barlaglar üstünlikli alnyp barylýar. Ylmy işgärler oba hojalygy, lukmançylyk, derman we azyk senagaty, molekulýar biologiýa, genetika, bioinženeriýa, biolukmançylyk ulgamlarynda-da ylmy barlaglar bilen meşgullanýarlar. Watanymyzda ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň kämil kanunçylyk binýady döredilip, «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Ylym ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça halkara gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan ylym-bilim kuwwatyny parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirip, abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylmy, tehniki, innowasion-tehnologik hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Garaşsyz Watanymyz ylym ulgamyna dünýä standartlaryny ornaşdyrmak bilen, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Ösüş maksatnamasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen bilelikdäki işleri alyp barýar.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmekde maddy gymmatlyklar bilen bir hatarda, halkymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklary hem egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Täze taryhy döwrümizde, aýratyn-da, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde baýram edilýän ýylynda halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we milli mirasy ylmy nukdaýnazardan düýpli öwrenilýär. Türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda amal edilen netijeli işleriň hatarynda Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň üstüniň ýetirilmegi, onuň edebi dünýäsiniň dürli taraplarynyň ylmy taýdan içgin öwrenilmegi, şahyryň goşgularynyň dürli dillere terjime edilmegi buýsandyryjydyr.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,

Gahryman Arkadag

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Hazar deňzinden konteýner daşamalarynyň bahalary üçünji aý yzygiderli pe...
Hazar deňzinden konteýner daşamalarynyň bahalary üçünji aý yzygiderli peselýär
Ykdysadyýet “Chimcomplex” kompaniýasy Türkmenistanda bilelikdäki taslama...
Ykdysadyýet “Chimcomplex” kompaniýasy Türkmenistanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegä gyzyklanma bildirýär
Azerbaýjan bilen Türkmenistan Hazar deňzindäki portlar arkaly logistika hyzm...
Azerbaýjan bilen Türkmenistan Hazar deňzindäki portlar arkaly logistika hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär
Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edý...
Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär
Türkmenistanyň wise-premýeri Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen...
Türkmenistanyň wise-premýeri Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň Liderlerini Aşgabat...
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň Liderlerini Aşgabatdaky foruma çagyrdy
Astana sammitinde raýat saparlary boýunça Başlangyç kabul edildi...
Astana sammitinde raýat saparlary boýunça Başlangyç kabul edildi
Ahal bilen Şensi welaýatlarynyň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýuld...
Ahal bilen Şensi welaýatlarynyň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýuldy
Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda $40 milliarda golaý...
Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda $40 milliarda golaýlady
Türkmenistan bilen Gondurasyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy...
Türkmenistan bilen Gondurasyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy