Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy.Sammit Garaşsyzlyk köşgünde geçirildi. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II mähirli garşyladylar hem-de bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.Bu ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Iordaniýanyň Patyşasy, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli mejlisiniň başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, GDA-nyň ugurdaş edaralarynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri, emeli aň howpsuzlygy ulgamyndaky halkara bilermenler we beýlekiler gatnaşdylar.Sammitiň gün tertibine emeli aň ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmek, kiberhowplara garşy durmak hem-de bu ugurda Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň ugurdaş düzümleriniň hem-de maglumat tehnologiýalary ulgamynyň wekilleriniň tagallalaryny birleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.Prezident Serdar Berdimuhamedow sammitde çykyş etmek bilen, Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlary beýan etdi.Türkmenistanyň döwlet Baştutany: “Türkmenistan halkara ähmiýetli teklipleri öňe sürmek bilen, dünýäde uzak möhletli howpsuzlygy, ilkinji nobatda, öňüni alyş diplomatiýasyny işjeňleşdirmek, bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak, şeýle hem parahatçylyk, ynanyşmak we syýasy dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek arkaly üpjün edip boljakdygyndan ugur aldy” diýip belledi.Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde berk howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny hem-de Akaba prosesiniň maksatlaryny hem-de wezipelerini durmuşa geçirmäge netijeli goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.Şeýle hem sammitiň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi