Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döwlet kadastryny ýöretmegiň tertibi tassyklanyldy

2025-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan "Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döwlet kadastryny ýöretmegiň we onuň maglumatlaryny ulanmagyň tertibi" tassyklandy. Resminama bu ugurda milli maglumatlar binýadynyň gurluşyny, düzüm aýratynlyklaryny hem-de ýörediliş düzgünlerini kesgitleýär. Bu barada "Merkezi Aziýada durnukly energetika gatnaşyklary” (SECCA) taslamasynyň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.

Täze kadastr ulgamy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen baglanyşykly hereket edýän we geljekde hereket etjek desgalaryň meýdançalary, olaryň kuwwaty hem-de ýyllyk energiýa öndürijiligi baradaky maglumatlary özünde jemleýän merkezleşdirilen maglumat ulgamydyr. Şonuň bilen birlikde, energiýa öndürijileri baradaky maglumatlar ýurdumyz boýunça administratiw-çäk birlikleri esasynda görkeziler. 

Bu ulgamyň döredilmegi Türkmenistanyň energetiki mümkinçiliklerini seljermek, döwlet we sebit derejesindäki maksatnamalary işläp düzmek, ilaty, şol sanda elýeterliligi kyn bolan sebitleri energiýa bilen üpjün etmek, zyýanly gaz zyňyndylarynyň azaldylmagyny gazanmak hem-de bu ugra maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Resminama Ýewropa Bileleşigiň "Merkezi Aziýada durnukly energetika gatnaşyklary" (SECCA) taslamasynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanyldy. Hyzmatdaşlyk resminamanyň taýýarlyk işlerini utgaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Kadastr ýazmaça we Ministrligiň saýtynda elektron görnüşde alnyp barylýar. Maglumat binýady yzygiderli täzelenip, kanunçylyk bilen goralan maglumatlardan başga ähli maglumatlar ilatyň elýeterliliginde bolýar.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika ministrligi SECCA taslamasynyň teklipleri esasynda taýýarlanan “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň döwlet energiýa ulgamlaryna birikdirmek” we “Elektrik energiýasy desgalarynyň howpsuz ulanmak” ýaly iki düzgünnamany tassyklady.

Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary