Habarlar / Habarlar
Hyzmatdaşlygyň ösüşi: Türkmenistan bilen Yragyň arasyndaky gelejegi uly bolan taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy

7-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mohammet Bahr Al-Ulumyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar.

Şu nukdaýnazardan şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň, energetika we ulag pudaklarynda geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, şeýle hem ylym-bilim çygrynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy bellenildi. Diplomatlar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-yrak toparynyň döredilmegi barada pikir alyşdylar.

Halkara we sebit gün tertibiniň möhüm taraplaryna garaldy. Diplomatlar BMG-ni goşmak bilen dürli düzümlerde özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň çäklerinde özara gyzyklanma döredýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmagyň mehanizmlerini döretmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek dabarasy boldy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy