Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Işewür ak mermerli Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentini “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, myhmanyň saparynyň dowamynda ýolbaşçylyk edýän korporasiýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy barada gepleşikleri geçirjekdigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem, iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy bellenildi. “Toyo Engineering” korporasiýasy bilen ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmenistanyň Prezidenti bu hyzmatdaşlygy geljekde täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçiligiň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň korporasiýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuwa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder...
Balkandaky täze awtoýol bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat eder
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusi...
Milli döwletliligiň we agzybirligiň dabaralanmasy: Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty ge...
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewü...
Merkezi Aziýanyň logistika strategiyasy Astanada kesgitlener: Türkmen işewürleri halkara foruma çagyrylýar