Habarlar / Habarlar
Aşgabatda iş orunlaryň ýarmarkasy geçiriler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda 4-nji iýulda hususy we döwlet iş berijileriniň gatnaşmagynda iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler. Bu barada penşenbe güni çap edilen “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Çäre Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik bölümleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnaýarlar.

Ýarmarka sagat 9:00-dan 12:00-a çenli aralykda geçiriler. Aşgabat şäheriniň iş berijileri bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary iberip, bu çärä gatnaşyp bilerler.

Iş gözleýän raýatlar bilen gürrüňdeşlik geçiriler we zähmet bazaryndaky häzirki teklipler bilen tanyşmak mümkinçiligi bolar. Şeýle hem ýarmarka şahsyýetini tassyklaýan resminama — pasport we zähmet depderçesi bilen gelmek zerurdyr.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy