Habarlar / Habarlar
Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda resmi sapar bilen Aşgabada geldi. Bu barada Russiýanyň Daşary işler minstrligi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, saparyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, sebit gün tertibini we häzirki döwrüň halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde, 2025-nji ýylyň 24-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Russiýanyň DIM-i)

 

Saparyň dowamynda iki ýurduň daşary işler ministrleri 2025–2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekerler.

Şu ýyl Russiýa bilen Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) bilelikde başlyklyk edýär, indiki ýyl bolsa Aşgabat bu guramada başlyklygy öz üstüne alar.

Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy