Habarlar / Habarlar
Beýik Britaniýa raýatlarynyň Eýrandan gaýtmaga ýardamy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow 2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Beýik Britaniýanyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we daşary ýurt territoriýalary boýunça döwlet ministri Stiwen Dauti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda britan tarapy Eýrandan Beýik Britaniýanyň raýatlarynyň çykmagyna döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi. Bu Türkmenistanyň Bütindünýä Bitaraplyk derejesine we Ýakyn Gündogarda bolup geçýän wakalara ynsanperwer çemeleşmegine esaslanyp amala aşyryldy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini, şol sanda söwda-ykdysady we syýasy-diplomatik ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. 2025-nji ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara maýa goýum forumyna britan kompaniýalarynyň gatnaşmagynyň oňyn bahalandyrylandygy bellenildi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň çäklerinde sebit meseleleri we 2025-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin meýilleşdirilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli dialogy saklamagyň möhümdigi nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda britan tarapy Türkmenistana ynsanperwer goldawy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi