Habarlar / Habarlar
YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan kararnama kabul edildi

2025-nji ýylyň 21-22-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Stambulda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Duşuşykda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylmy ugurlary öz içine alýan möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Duşuşygyň gün tertibinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlarda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek, şeýle hem döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meselelere aýratyn orun berildi.

Türkmenistanyň wekili forumda eden çykyşynda ýurduň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, şeýle hem Guramanyň ähli agza döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary güýçlendirmegiň çykyş edýändigini belledi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmeginiň Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky işleriniň ykrarnamsynyň aýdyň beýanyna öwrülendigi nygtaldy.

2025-nji ýylyň 22-nji iýunynda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 51-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «YHG-nyň we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde we berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny hakynda» atly kararnama biragyzdan kabul edildi.

Resminama syýasy-hukuk guraly hökmünde bitaraplygyň halkara we sebit durnuklylygyny berkitmäge ýardam edýändigini, döwletleriň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýändigini nygtaýar.

Bu kararnamanyň YHG-nyň meýdançasynda kabul edilmegi, özara ynamy berkitmäge, dialogy ilerletmäge we netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasy strategiýasynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň we goldanylmagynyň aýdyň tassyknamasydyr.

***

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň mejlisiniň çäklerinde aýratyn ähmiýetli çäre – Türkmenistanyň başlangyjy boýunça gurnalan «Parahatçylyk we ynanyşmak: Yslam dünýäsinde agzybirligiň we durnuklylygyň esaslary» atly tegelek stol maslahaty geçirildi.

Çärä jemi 100-e golaý adam gatnaşmak bilen, olaryň hatarynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň, abraýly halkara guramalarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň, diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, tanymal syýasatşynaslar we KHBS ýygnandy.

Tegelek stol maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň diňe bir ýurdumyzyň milli bähbitlerine laýyk gelmän, eýsem sebit we ählumumy ölçeglerde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmekde, parahatçylygy üpjün etmekde täsirli gural bolup çykyş edýändigi bellenildi.

Çärä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan ähliumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn goşant goşýar.

img

img

img

img

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi