Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew çarşenbe güni Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary Mohamed Hamel bilen guramanyň Dohadaky baş edarasynda duşuşyk geçirdi. Bu barada Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda Maksat Babaýew Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmek boýunça ileri tutulýan ugurlar, şeýle hem iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz ýatagynyň geljekki özleşdirilişi we nebit-gaz pudagynda emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy barada gürrüň berdi. Maksat Babaýewiň aýtmagyna görä, halkara hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda türkmen hünärmenleri suw howdany modellemek, guýulary seljermek we parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmek üçin kompýuter tehnologiýalaryny ulanýarlar. Esasan hem sanly transformasiýa hem-de ýangyç-energetika toplumynda “ýaşyl” tehnologiýalaryň peýdalanylmagyna aýratyn üns berilýär.

Şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Mohamed Hamele 2025-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň Nebiti we Gazy – 2025” (OGT-2025) halkara maslahatyna gatnaşmak üçin resmi çakylygy gowşurdy.

Türkmenistanyň döwlet ministri Maksat Babaýew bilen Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary Mohamed Hameliň arasynda geçirilen duşuşyk, 2025-nji ýylyň 18-nji iýuny, Doha, Katar (Surat: GECF)

 

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary öz gezeginde guramanyň işine işjeň gatnaşýandygy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirip, ýurduň forumyň döredilmegindäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Ol dünýäde tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde Türkmenistanyň strategik ähmiýetiniň bardygyny belledi. Mohamed Hamel “Galkynyş” ýaly iri taslamalaryň we TOPH gaz geçirijisiniň amala aşyrylmagy bilen, ýurduň ýyllyk gaz önümçiligi şu asyryň ortalaryna çenli 150 milliard kub metre çenli artdyrylyp bilinjekdigini aýtdy.

Taraplar Türkmenistanyň we Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we guramaçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy — bu tebigy gaz bilen üpjün ediji ýurtlary birleşdirýän halkara guramadyr. Ol energiýa serişdelerini eksport edýän ýurtlaryň bähbitlerine ters gelýän Energetika Hartiýasynyň alternatiwasy hökmünde Russiýanyň goldamagynda döredildi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi