Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen Kataryň arasynda göni howa gatnawlarynyň açylmagy meýilleşdirilýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň wekilleri bilen Kataryň Türkmenistandaky ýerine ýetiriji ilçisi Al-Remaihi Ganem Abdullanyň arasynda Aşgabat şäherinde geçirilen duşuşykda ýakyn wagtda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda göni howa gatnawlarynyň açylmagyna garaşylýandygy mälim edildi.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda howa gatnawy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem duşuşykda göni we üstaşyr uçuşlary ýola goýmak mümkinçiligine aýratyn üns berildi we Kataryň “Qatar Airways” milli awiakompaniýasy üçin Türkmenistanda nyrhlar hem-de hyzmatlar baradaky maglumatlary öz içine alýan mahabatlary guramak teklip edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Katara gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň wiza almagyny aňsatlaşdyrmak üçin onlaýn hyzmatdan peýdalanyp boljakdygy hem bellenildi.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy