Habarlar / Habarlar
Gruziýa türkmen gazyny Türkiýä üstaşyr geçirmekde hyzmatdaşlyga taýýar

Gruziýa öz çäkleriniň üsti arkaly türkmen gazyny Türkiýä ibermekde täze taslamalary goldaýar hem-de bu ugurda goldawlary bermäge taýýar. Bu barada Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Konstantin Sabiaşwili Gruziýanyň döwlet garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlap çap edilen makalasynda mälim etdi.

“Gruzin tarapy öz çäkleriniň üsti arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Günorta gaz geçelgesiniň turba geçirijisi arkaly ondan aňryk Günbatara ibermekde, şol sanda “ýaşyl” energetika boýunça täze taslamalary goldaýar we bu babatda işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim edýär” diýlip, ilçiniň “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalasynda bellenilýär.

Şeýle hem ilçi Gruziýanyň Hökümetiniň infrastruktura taslamalaryna ägirt uly serişdeleri maýa goýýandygyny, ulag we üstaşyr ulgamlary ösdürmäge, energetika geçelgelerine hem-de ýük dolanyşygynyň artdyrylmagyna aýratyn üns berýändigini belledi.

“Täze çuň suwly Anakliýa portunyň, şeýle hem Tbiliside täze howa menziliniň, Telawide we Swanetide täze howa menzilleriniň gurulmagy meýilleşdirilýär. Gruziýa öz çäkleri arkaly ýük akymlaryny artdyrmaga taýýar hem-de türkmen tarapyna bar bolan infrastrukturalary ulanmaga ýa-da Gruziýanyň deňiz portlarynda türkmen ýüklerini ammarlarda saklamak we Ýewropa hem-de yzyna daşamak üçin täze infrastrukturany (terminallary, ammarlary) döretmegi teklip edýär” diýip ilçi aýtdy.

Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrligi bilen Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrligi şu ýylyň maý aýynyň ortasyna Stambul şäherinde türkmen tebigy gazyny Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä ugratmak hakynda ylalaşyga gol çekdiler.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy