Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň DIM-de HPG bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şol sanda tehniki kömek, maslahat beriş goldawy hem-de işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Makroykdysady görkezijilere gözegçilik etmek, statistiki maglumatlary alyşmak hem-de ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi bilen baglylykda düzümleýin özgertmeleri ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmen tarapynyň wekilleri gaznanyň bilermenlerine ykdysady syýasaty işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýan usuly goldawlar we amaly teklipler üçin sagbolsun aýtdylar. Türkmenistanyň Halkara pul gaznasyna ykdysadyýetiň açyklygyny ýokarlandyrmaga hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeleri amala aşyrmakda möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygy nygtaldy.

Şeýle hem taraplar ählumumy geosyýasy durnuksyzlyk we onuň milli ykdysadyýetlere, şol sanda daşarky töwekgelçiliklere, söwda mümkinçiliklerine we nyrhnamalary kadalaşdyrmaga edýän täsiri bilen bagly bolan derwaýys wehimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagy, iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi hem-de ykdysady maglumatlary alyşmagyň gurallarynyň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler aýratyn gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha bermek bilen, Anna Bordon türkmen tarapy bilen häzirki wagtda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini nygtady.

Şeýle-de duşuşykda daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna, hem-de infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi...
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýu...
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler min...
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Ko...
Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegine garşy täze Komissiýa döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýy...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabin...
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi...
Awazada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar