Habarlar / Habarlar
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi

2025-nji ýylyň 22-nji maýynda wideoaragatnaşyk görnüşinde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine BMG-niň 2026–2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň täze tapgyry üçin Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de DÖM-e ýetmek işlerini çaltlandyrmagyň ýollaryny gözlemek ýaly meseleler girizildi.

Ýurdumyzyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we BMG-niň parahatçylyk we howpsuzlyk, durmuş-ykdysady ugur, DÖM-iň durmuşa geçirilmegi, ulag we energetika, howanyň üýtgemegine garşy göreş hem-de beýleki birnäçe ulgamlar boýunça strategiki hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary barada giňişleýin durup geçdi.

Mejlisiň barşynda geçen ýyl döredilen “Türkmenistan – BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň orny nygtaldy. Geňeş BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlykda syýasy hem-de durmuş-ykdysady ugurlarda ýurdumyzyň milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasynda durnukly ösüş, ulag, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, şeýle hem ynsanperwerlik ölçegi, şol sanda adam hukuklarynyň goralmagy, milli medeni mirasy gorap saklamak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryna iň oňat tejribäni ornaşdyrmak we peýdalanmak ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.

BMG-niň bölümleriniň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen alnyp barylýan bilelikdäki işler barada habar berdiler hem-de bu ugurdaky pikirleri we teklipleri bilen paýlaşdylar.

Şeýle hem mejlisde öňde boljak duşuşyklaryň we meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleriň tertibine garaldy.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi