Habarlar / Habarlar
“Belavia” Türkmenistana uçuşlaryny wagtlaýyn Balkanabat Halkara howa menziline üýtgedýär

“Belavia” awiakompaniýasy 20-nji maýdan 25-nji iýula çenli Minsk-Türkmenbaşy-Minsk ugry boýunça uçuşlary ýerine ýetirmegi bes edýär. Bu döwürde uçuşlar Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän Balkanabat Halkara howa menziline üýtgedilýär diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Petekleri bellenen ugra üýtgetmek talap edilmeýär. Ähli ýolagçylar gonuş we uçuş howa menziliniň üýtgändigi barada SMS habarnamasy we elektron poçta salgysy arkaly öňünden habardar edildi.

Uçuşlar hepdede iki gezek – sişenbe we ýekşenbe günleri ýerine ýetiriler. Uçuş wagty senä görä üýtgeýär. Sişenbe günleri Minskden giç agşam uçýan uçar ertesi gün daňdan Balkanabat Halkara howa menzilinde gonýar. Ýekşenbe günleri uçuşlar möwsüme görä, ýa ir ertir ýa-da ýarygije wagty amala aşyrylýar. Türkmenistandan uçuşlarda hem şunuň ýaly üýtgeşmeler bolýar.

Petekleri awiakompaniýanyň Aşgabatdaky we beýleki şäherlerdäki şahamçalarynda alyp bolýar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi