Habarlar / Habarlar
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, awtobanyň Mary-Tejen-Aşgabat böleginde 335 kilometre welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, 3-nji iýunda Aşgabatda däp bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bu baýramçylyk mynasybetli 31-nji maý – 3-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary -- Tejen -- Aşgabat böleginiň ugry boýunça 335 kilometr aralyga dört tapgyrdan ybarat welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň “Welotrek” sport toplumynda 27-nji maý – 3-nji iýun aralygynda “Siz bilen sportda gadamlar batly,//Ak geljege ýörelgämiz Arkadag” atly welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini geçirmek göz öňünde tutulýar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bular barada 25-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesowyň Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn-durmuş çärelerine taýýarlyk görlüşi hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, wise-premýere Bütindünýä welosiped gününi giňden hem-de dabaraly belläp geçmek üçin gowy taýýarlyk görülmegini, şeýle hem bu baýram mynasybetli Aşgabatda we ýurduň welaýatlarynda bedenterbiýe-sport çäreleriniň talabalaýyk geçirilmegini tabşyrdy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy