Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Eýran bilen serhetde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip etdi

Türkmenistan türkmen-eýran serhediniň aýry-aýry böleklerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip etdi. Bu başlangyç 19-20-nji maýda Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisinde öňe sürüldi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň we Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň ugurlardaky meselelerini maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge hem-de ulag, logistika, gaz we senagat önümçiligi, oba hem-de suw hojalygy, standartlaşdyrmak we maýa goýumlar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Mejlise gatnaşyjylar gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň möhüm ähmiýetini nygtap, gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin goşmaça itergi boljakdygyny beýan etdiler. Duşuşygyň jemleri boýunça toparyň 18-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadi we nebit ministri Mohsen Pahnežad bilen aýry-aýry gepleşikleri geçirdi. Olarda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi