Habarlar / Habarlar
Türkmenistan Eýrandan gazyň üstaşyr geçirilişini artdyrmagy, eýran maýasyny çekekmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça tagallalarynyň çäklerinde Eýranyň çäginden tebigy gazyň üstaşyr geçirilişini artdyrmak boýunça mümkinçilikleri öwrenýär. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisinde mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, R.Meredow şeýle hem nebithimiýa taslamalaryna eýran maýa goýumlaryny çäkmäge Türkmenistanyň gyzyklanmalaryny beýan edip, şeýle hyzmatdaşlygyň ýurduň gaz gorlaryndan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini belledi. 

Mejlisiň çäklerinde R.Meredow birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Olaryň dowamynda taraplar söwda, energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow şeýle hem Eýranyň paýtagtynda 18-19-njy maýda geçirilen “Tähran dialog forumy – 2025” forumyna hem gatnaşdy. 

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi