Habarlar / Habarlar
Tähranda ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň garaýşy tanyşdyryldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 18-19-njy maýda Eýranyň paýtagtynda geçirilen “Tähran dialog forumy – 2025” forumyna gatnaşdy. Ol halkara çärede eden çykyşynda durnukly ykdysady ösüşiň we sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm guraly hökmünde ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmegiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň garaýşy bilen tanyşdyrdy.

Eýranyň DIM-iniň Syýasy we halkara barlaglar merkezi tarapyndan guralan forum 150-den gowrak wekiliýeti bir ýere jemledi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

“Hindi subkontinentinden Ýewraziýa çenli: ulag geçelgeleri, geoykdysadyýet we açylýan mümkinçilikler” atly maslahatlaşmalaryň dowamynda R.Meredow yklym ähmiýetli ulag geçelgelerini durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi” atly başlangyjynyň Ýewraziýa giňişliginde özara arabanlanyşýan ulag geçelgesini döretmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Türkmenistanyň baş diplomaty şeýle hem ulag diplomatiýasy ulgamynda – ulag desgalarynyň gurluşygy, Hazar deňzindäki portlaryň döwrebaplaşdyrylmagy, sebit döwletleri, şol sanda Gazagystan, Özbegistan we Eýran bilen hyzmatdaşlygyň berkidilmegi ýaly Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary barada gürrüň berdi.

Raşid Meredow Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynda energetika pudagynyň ähmiýetini nygtady. Hususan-da, tebigy gazyň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak we Günbatar Aziýa döwletlerine elektrik energiýasynyň eksportyny giňeltmek boýunça taslamalar barada durlup geçildi.

Forumyň çäklerinde R.Meredow daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Olaryň dowamynda döwletara dialogy çuňlaşdyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi