Habarlar / Habarlar
Aşgabadyň bilen Almatynyň arasyndaky uçar gatnawlaryny 2025-nji ýylda dikeltmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan Aşgabat we Almaty şäherleriniň arasynda göni uçar gatnawlaryny 2025-nji ýylda gaýtadan dikeltmek mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew bilen bolan duşuşygynyň jemleri boýunça mälim edildi.

Gazagystanyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, uçar gatnawlarynyň gaýtadan dikeldilmegi iki ýurduň arasynda işewürlik we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ýardam edip biler.

Gepleşikleriň dowamynda awtomobil ýollaryny ösdürmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususanda, Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesi taslamasynyň çäklerinde Gazagystanyň Mangistau oblastynyň Žanaözen şäherinden Kenderliniň üsti bilen Türkmenistanyň serhedine çenli awtomobil ýol bölegini abatlamak işlerine badalga berler. Bu ýoluň uzynlygy 200 kilometre golaýlaýar.

Mämmethan Çakyýewiň we Marat Karabaýewiň giňeldilen düzümdäki duşuşygy, 2025-nji ýylyň 19-njy maýy, Gazagystan (Surat: Gazagystanyň Ulag ministrligi)

 

Taraplar daşary ýurt sürüjileri üçin rugsat hatlaryny resmileşdirmek işini sanlylaşdyrmak boýunça ylalaşdylar. Munuň özi ýükleriň resminama işlerini ýeňilleşdirmäge hem-de üstaşyr ýük akymlarynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.

Söhbetdeşler ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Gazagystan awtoulag geçiriş nokatlaryny, şol sanda Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän nokady döwrebaplaşdyrmak işini dowam edýär.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi