Habarlar / Habarlar
Türkmenistan we ÝHHG öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit maslahaty geçirerler

Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 27-28-nji maýynda öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin maslahaty geçirer. Bu çäre öňüni alyş diplomatiýasynyň meselelerine, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” gün tertibini durmuşa geçirmäge hem-de bu ugurda Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli kararnamasyny ýerine ýetirmäge bagyşlanar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu çärä taýýarlyk görlüşi barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şenbe güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Wise-premýeriň bellemegine görä, ÝHHG bilen ýyllyk meýilnama esasynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk syýasy, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. 2025-nji ýylyň 29-njy iýuny – 3-nji iýuly aralygynda Portugaliýa Respublikasynyň Porto şäherinde geçiriljek ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň 32-nji mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň gatnaşmagy täze başlangyçlaryň hataryndadyr. Bu mejlisiň çäklerinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ugurdaş çäräni guramak teklip edilýär.

Şeýle hem şu ýylyň 9-njy iýunynda ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmek üçin türkmen wekiliýetiniň Warşawa şäherine saparyny guramak meýilleşdirilýär. 18-19-njy iýunda Stambul şäherinde geçiriljek ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhet gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň forumyna gatnaşmaklyk hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýene-de bir möhüm meýdança öwrüler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň wajypdygyny nygtap, hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri dowam etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi