Habarlar / Habarlar
Türkmenistan we AÖB Arkadag şäherini ösdürmek boýunça Ähtnama gol çekdiler

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti hem-de Aziýanyň ösüş banky (AÖB) şenbe güni Arkadag şäherinde Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu resminama sanly çözgütleri we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak arkaly energetika, suw serişdeleri we şähergurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.

Gol çekmek dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we AÖB-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Artur Andrisýagyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Bu ylalaşyk energiýa we suw tygşytlaýjy çözgütleriň ornaşdyrylmagyny, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ösdürilmegini, serişdeleriň gaýtadan ulanylmagyny hem-de gurluşyk taslamalaryň durmuşa geçirilişinde tejribeleriň alşylmagyny göz öňünde tutýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Artur Andrisýak bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 17-nji maýy, Arkadag şäheri, Türkmenistan (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

 

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Artur Andrisýak bilen bolan duşuşygynda AÖB bilen Türkmenistanyň arasynda tassyklanylan 2024-2028-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Ol “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, adam maýasyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň we ösdürmegiň hasabyna bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak hem-de düzümleýin özgerişlere ýardam etmek ýaly esasy üç ugry öz içine alýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Ähtnamanyň durnukly ösüş we ýokary tehnologiýalar ulgamynda bilelikdäki başlangyçlary ösdürmek üçin berk binýat boljakdygyna ynam bildirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň taslamasynyň dowamy hökmünde lukmançylyk edaralarynyň şepagat uýalary we doganlary üçin okuw merkezini açmak mümkinçiligi barada aýratyn durlup geçildi.

A.Andrisýak Arkadag innowasiýa şäheri ýaly Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmagyň AÖB üçin aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem bank bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga 25 ýylyň dolýandygy bilen baglylykda, şu mynasybetli dabaraly çäre guramak teklip edildi.

Türkmenistanyň AÖB bilen hyzmatdaşlygy energetika we demir ýol pudaklarynda durmuşa geçirilen taslamalary hem-de $12 milliondan gowrak bahasy bolan tehniki kömekleri bermek işlerini öz içine alýar. 

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi