Habarlar / Habarlar
Kazan Kremlinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rustam Minnihanowyň duşuşygy geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Kazan Kremlinde Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň metbugat gullugynyň başlygy Liliýa Galimowa özüniň Telegram kanalynda habar berdi.

Rustam Minnihanow türkmen halkynyň Milli Lideriniň arzyly we hormatly myhman hökmünde Kazanda bolýandygyna şatdygyny nygtady. Şeýle hem Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň diňe bir hyzmatdaşlyga däl, eýsem dostluga hem esaslanýandygy bellenildi.

“Hyzmatdaşlyga berýän ünsüňiz üçin hoşallyk bildirýärin. Türkmenistan biziň üçin diňe bir hyzmatdaş däl-de, eýsem, arzyly dostdur” diýip, Tatarystanyň Baştutany aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Kazan şäherinde saparda boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri forumdaky çykyşynda Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşi boljak Yslam ýurtlarynyň arasynda bitewi energetika, ulag we tehnologiýa guşagyny döretmegi teklip etdi. Bellenilişi ýaly, şeýle ulgam Ýewraziýada möhüm köpri, sebitiň ykdysady ösüşi üçin itergi beriji güýç bolup hyzmat eder.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi