Habarlar / Habarlar
“Ak şäherim Aşgabat” halkara sergisine 30 ýurtdan wekiliýetler gatnaşar

2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergisi we maslahaty geçiriler. Oňa dünýäniň 30 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşar diýip, çäräni guraýjylar habar berýär.

Aşgabat şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmen Energiýa Forum” hojalyk jemgyýeti giň gerimli çäräni guraýjylar bolup çykyş edýär. Sergi meýdançasynda döwlet düzümleriniň, işewürlik wekilleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň we halkara guramalaryň 150-den gowrak diwarlygy ýaýbaňlandyrylar.

Şäher gurşawyny durnukly ösdürmek, şäher ýerlerinde ulanylýan döwrebap çözgütler, sanly we ekologiýa tehnologiýalar maslahatyň esasy mowzuklary bolar.

Maslahatyň maksatnamasynda BMG-niň edaralarynyň ýokary derejeli wekilleriniň çykyşlary göz öňünde tutulýar. BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory Anaklaudiýa Rossbah, Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Siýun Szou Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalar, şeýle hem “Aşgabat-Siti” başlangyjy barada gürrüň bererler.

Gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişinde we şäher infrastrukturasyna ekologiýa taýdan arassa usullaryň ornaşdyrylyşynda halkara hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.

Foruma gatnaşmak üçin hasaba alyş işi ashgabat-white-city.com web-saýtynda 20-nji maýa çenli açykdyr.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandar...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmat...
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň g...
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bä...
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy...
Hytaýdan Balkan welaýatyna täze ýük otlusy gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda tegelek stol duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy por...
Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi